Şu gün — Hazar deňziniň halkara güni

11 Awgust 2024
129

Hazarýaka döwletleriň wekilleri tarapyndan 2003-nji ýylyň noýabrynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça bäş sany, ýagny Azerbaýjanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň wekilleri tarapyndan Çarçuwaly Konwensiýa gol çekildi. Tähran konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Şol gün hem, ýagny her ýylyň 12-nji awgusty Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär. Konwensiýanyň baş maksady deňziň ekologik howpsuzlygy meselelerine, özboluşly ekoulgamyny goldamaga we gorap saklamaga gönükdirilendir.

Hazar deňziniň biodürlüligi we bu ýerde duş gelýän janly organizmler özboluşly bolup, olaryň köpüsiniň diňe şu ýerlerde duş gelýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsi özüniň örän ajaýyplygy, täsinligi bilen dünýä ylmynda uly gyzyklanma döredýär. Hazarda suwotularyň 450-den gowrak, suwuň dürli gatlaklarynda ýaşaýan ownuk oňurgasyz jandarlaryň 400-e golaý görnüşi bar. Hazarýaka sebitinde guşlaryň 300-den gowrak görnüşi duş gelýär. Şeýle-de sebitde guşlardan başga-da, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň, süýdemdirijileriň köp görnüşleri ornaşan. Bu deňizde başga hiç ýerde duş gelmeýän hazar düwleni hem ýaşaýar. Bekre balyklarynyň dünýä gorunyň 90 göterim töweregi bu ýerde jemlenendir.

Ogulbaýram Saparowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.