Bedenterbiýe we sport

9 Awgust 2024
110

Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ýurdumyzda ýaş nesiller Diýarymyzyň dürli ýerlerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, ajaýyp Gökdere jülgesinde dynç alyp, bagtyýar zamanamyzyň eşretli durmuşynyň hözirini görýärler. Şol ýerlerde çagalaryň şadyýan dynç almagy üçin hemme şertler we mümkinçilikler döredilendir. Köpetdagyň etegindäki jana şypaly Gökdere jülgesindäki döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde müňlerçe çagalar tomus paslynyň sapaly günlerinde uly ruhubelentlikde dynç alýar. Bu merkezlerde çagalara surat çekmek, aýdym-saz diňlemek, gyzykly kitaplary okamak, açyk asmanyň astyndaky ajaýyp howuzlarda suwa düşmek, dürli oýunlary oýnamak ýaly hezillikler döredilen.

Bedenterbiýe maşklary we sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler körpeleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerine, täze dostlary edinmeklerine, özlerine ynamy artdyrmaklaryna ýardam edýär. Sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň sport toplumlarynda futbol, basketbol, woleýbol, ylgaw, tanap çekmek ýaly dürli görnüşler boýunça yzygiderli guralýan ýaryşlaryň şatlyk-şowhuny al-asmana göterilip, tomusky dynç alşyň aýratyn ruhubelentlikde geçirilmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary hem çagalaryň tomusky dynç alşynyň ýatdan çykmajak pursatlara baý bolmagyna mynasyp goşant goşýar. Ýaryşlaryň ýeňijilerine gowşurylýan ýadygärlik sowgatlardyr diplomlar olaryň sport bilen meşgullanmaga hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge bolan höwesini artdyrýar.