Sportuň galkynýan zamanasy

2 Awgust 2024
151

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň «Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly» atly bölüminde: «Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr. Şonuň bilen birlikde, ol ýokary netijeli sporty ösdürmegiň hem esasy şertleriniň biridir» diýen ajaýyp jümleler bar. Bu sözleriň durmuşymyzyň, döwrümiziň mizemez hakykatyny dabaralandyrýandygyna her birimiz şaýat.

Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetiň ähli ulgamlaryna giň gerimde ornaşdyrmakda, sporty ähli taraplaýyn ösdürmekde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan beýik işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmek bilen, olar Diýarymyzyň sport ýurdy hökmünde dünýäde gazanan belent ykrarnamasynyň barha pugtalanmagyny üpjün edýär.

«Türkmen sporty».