Köňül içre ýagşy niýet

2 Awgust 2024
255

Ynsan durmuşyny ýagşylyklar bezeýär. Ýagşylyk etmek, durmuşda haýsydyr bir sebäp bilen kyn ýagdaýa düşen ynsanlary goldamak, ýardam etmek bu biziň ata-babadan gelýän häsiýetlerimiziň biri. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Elden gelen ýagşy işiň bolmasa, Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr» diýýär. Eýsem, durmuşda kimdir birine ýagşylyk etmek üçin hökman egniň «adatdan daşary gahrymanyň» eşigini geýen adam bolmagyň geregi ýok. Ýagşylyk etmek üçin ýaş tapawudam gerek däl, gazanjyň hem durmuşda tutýan ornuň hem hökman däl. Iň esasy ynsanlara we ýakynlaryňa zerur wagty kömek bermegi, ýaşaýan dünýämizi az-kem bolsa-da ýagşylyklar bilen gözelleşdirmegi başarmakdyr.

Deňiz suwunyň damjalardan emele gelşi ýaly, ýagşylyklar hem kiçijik, owunjak ýagşylyklardan kemala gelýär. Biz gündelik durmuşymyzda şeýle ýagşylyklaryň ýüzlerçesine gabat gelýäris ýa-da ony dost-ýarlarymyzdan eşidýäris. Geliň, onda ýagşylyklar dünýäsine seýil edeliň.

Ogulgözel ŞAGULYÝEWA,
«Zenan kalby».