Söýgüden görk alýan mukaddeslik (Oýlanma)

1 Awgust 2024
264

Watan — hiç bir zadyny özüňden üzňe göz öňüne getirip bolmaýan mekan. Onuň taryhy barada gürrüň edilse-de, tebigatyndan söz açylsa-da, ýa bolmasa şu toprakda ýaşaýan bir ynsanyň halkara derejesinde uly üstünlik gazanandygyny eşitseňem, özüňde düşündirip bolmaýan bir üýtgeşik duýgynyň bolup geçýändigini aňýarsyň. Munuň özi şu toprak bilen bagryň badaşanlygyndandyr. Şu topragyň üsti bilen umumylyga öwrülýän ynsanlaryň — watandaşlaryň bilen baglanyşykly eşiden zadyňa bedeniň täsiri hem şonuň sebäbindendir.

Watan hem edil ynsanlar ýaly, söýgüden güýç alýar. Ony biziň her birimiziň söýgimiz, mähir-yhlasymyz beýgeldýär. Hatda ýönekeýje sözüň uly bir ýurduň ynsanlaryň aňyndaky keşbine täsir edişi barada bir tymsala meňzeş gürrüň eşidipdim. Muny bize ýaşuly mugallymymyz gürrüň beripdi. Şonda bir daşary ýurtda geçirilen halkara simpoziuma gatnaşan adamlar hakda söz açylýar. Haýsydyr bir ýurtdan baran myhmanlar — dört sany daýaw kişi aýagaldygyna öz ýurtlarynyň gözelligi, adamlarynyň biçak üýtgeşikligi, tebigatyny başga hiç bir ýeriňkä deňär ýaly däldigi... barada agyzlaryny süýjedip gürrüň berýärmişinler. Özlerem sähel boş wagt tapylyp, gürrüňdeşlik başlandygy öz Watanynyň tarypyny ýetirip başlaýarmyşlar welin, diňläp oturanlaryň ählisiniň kalbynda şol ýurda, iň bolmanda ýeke gezek baryp görmek islegi döreýär.

Bagtyýar ALOWOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby.