Bilimli ozar

31 Iýul 2024
437

Şu günler ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýokary bilim almak isleýänleriniň tolgundyryjy duýgulara düşýän güni. Sebäbi ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň dalaşgärleri okuwa kabul etmek üçin alýan synagy başlandy. Her ýylda Watanymyzyň ähli ýerinde bu çäre uly dabara beslenip geçirilýär. Şeýle dabaraly çäre sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan ajaýyp Arkadag şäherinde ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde-de gyzgalaňly başlandy.

«Akylly» şäherde geçirilýän bu çärä gatnaşýan dalaşgärlere diňe bir öz ýakyn hossarlary üstünlik arzuw etmän, olary gören ähli ildeşlerimiz «ýürekde beslän arzuwyň hasyl bolsun», «şowly bolsun» diýip, göwün galkyndyryjy sözleri bagyşlaýarlar. Şeýle etmezçe-de däl. Sebäbi gursagynda ynsan ýüregini göterip ýören her bir adam öz şatlygyna däl-de, özgäniň şatlygyna şärik bolup, begenjini deň paýlaşmagy hem gowy görýändir.

(Ýörite habarçymyz).