Iň uly bagt

31 Iýul 2024
173

Öň, günleriň birinde halypalaryň biriniň ýanynda onuň täzelikde gazetde çykan makalasy hakda öwgüli sözler aýdaýmanmy?! Ol ýüzüme seretdi-de: «Pylany jan, goýsana şu gürrüňiňi. Ýüzüme öwseler meň halamaýanymy bilýäň-ä sen... Türkmen hiç wagtam adamy ýüzüne öwýän däldir» diýdi. Onuň aýdan sözleri meni oýlandyrdy. Özüme nätanyş duýgy bolany üçin «Aý, oýun edýändir ýa-da aýdanlaryma ýasamadyr öýdendir» diýip pikir etdim. Emma ýazan zady, hakykatdanam, öwgä mynasypdy.

Soň tanyşlarymyň birine bu hakda gürrüň berenimde, ol: «Aý, diýse diýäýýändir, öwseler kem-ä ýaraýan däldir-le...» diýdi. Ýöne halypanyň aýdýan zatlarynyň «janynyň barlygyna» soň-soňlar düşünip ugradym.

Aşyr SAPAROW,
esger.