Ylym tejribe bilen utgaşdyrylar

31 Iýul 2024
304

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 24-nji iýunynda oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, ýurdumyzyň önümçiligine ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, ony dünýä tejribesi esasynda alyp barmak barada maslahat geçirdi. Şonda önümçiligiň öňdebaryjy alymlary, daýhanlary bilen oba hojalygyna degişli ýaş hünärmenleriň işleriniň utgaşykly alnyp barylmagynyň wajypdygy bellenildi. Türkmen alymlarynyň gazanan ylmy netijeleriniň hem-de taýýarlan ylmy-önümçilik gollanmalarynyň halk köpçüligine ýaýradylmagy boýunça zerur işleriň geçirilmelidigi nygtaldy.

Şulardan ugur alnyp, biziň ýokary okuw mekdebimizde hem, «Daşoguz welaýatynyň şertlerinde güýzlük bugdaýyň ösüş döwürlerine, hasyllylygyna, hasylyň hiline ekiş möhletiniň täsirini öwrenmek», «Daşoguz welaýatynyň şertlerinde dänelik ekinleriň esasy zyýankeşleriniň bioekologiki aýratynlyklary» atly mowzuklar boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär. Bu işler ýurdumyzda galla bolçulygyny döretmäge goşant bolmak bilen birlikde, talyp ýaşlarda hünär endiklerini kämil ele almaga, şunuň bilen baglylykda, ylmy işler bilen meşgullanmaga bolan höweslerini artdyrýar. Netijede, geljekki hünärmenleriň öz hünärlerine ussat, oba hojalyk pudagynyň ugurlary boýunça ylymly bolmagyna şert döredýär.

Bahar ÝUSUPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň kafedra müdiri.