Magtymgulynyň döredijiliginde orun alan taryhy şahsyýet

31 Iýul 2024
224

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dürli temalarydyr ugurlary özünde jemleýär. Akyldar şahyryň çuňňur filosofik pikirlere ýugrulan döredijiliginiň beýleki şahyrlaryňkydan aýratyn tapawutlanýan taraplarynyň biri-de onuň şygyrlarynyň milli ruhda beýan edilmegidir. Mälim bolşy ýaly, akyldar şahyryň şygyrlarynda Gündogaryň we Günbataryň ylymda yz goýan köp sanly beýik akyldarlary bilen bir hatarda, döwlet syýasatynda aýratyn tapawutlanýan hökümdarlaryň atlaryna hem duş gelmek bolýar. Akyldar şahyryň şygyrlarynda her bir taryhy şahsyýetiň ady agzalanda ol barada we onuň döwrüne gyzyklanma bildirip içgin aralaşanyňy duýman galýarsyň. Şonda her sözüň, setiriň içinde umman ýaly taryhyň ýatandygyna göz ýetirýärsiň.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda orun alan taryhy şahsyýetleriň biri-de Gyzyl Arslandyr. Magtymguly Pyragy:

Nargül ATAŞOWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.