Seniň bagtyň — meniň bagtym

31 Iýul 2024
232

Käte mahal-mahal kalbymy birgeňsi duýgular gurşap alýar. Hamala diýersiň, akylym ýüregime garşy gidýän ýaly. Öz-özümi tanaman haýran galýaryn. Seniň pynhan bakyşlaryň göz öňüme gelende bolsa, nämedir bir zatlary düşündirjek bolýana meňzeş pyşyrdylaryň gulagyma eşidilip gidýär. Bu nämäniň alamatyka, allajanlarym?!

Şonda, bir sekundyň içinde daş-töwerekdäki ähli zat öz reňkini ýitirýär. Göwnüme bolmasa, suwlar akmasyny, baglaryň ýapraklary yrgyldamasyny, şemal öwüsmesini, Gün dogmasyny, Aý şugla saçmasyny, guşlar saýramasyny goýan ýaly bolýar. Garaz, dünýäniň ýüzi beýan etmesi kyn bolan duýgulardan dolýar. Şol pursat senli ýatlamalar meni alyslara — saňa sary alyp gidýär.

Daýanç HOŞWAGTOW,
maýor.