Şahyra ýüzlenme

31 Iýul 2024
465

Gadym Etrek al güllere bürenip,
Dabarasy dag aşyp dur Gerkeziň.
Parahatlyk perwanasy şahyra
Başarsadyk bu zamany görkezip.

Eý alymlar, döränokmy şeýle tär
Adamlaryň Aýa uçýan döwründe?!
Zerur bolsa direltmäge danany
Bir bölegin beräýjek men ömrümden.

Nazary Bidel Wahid NAZAR,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.