Kemal çopanyň ogly (Hekaýa)

30 Iýul 2024
158

Geçen asyryň başlaryna, takmynan, 1912-nji ýyl diňe bir türkmen sährasyna däl, Çendir jülgesine-de gurakçylyk aralaşdy. Asmandan katra nem dammady, ýabyň çeşme suwlary çekildi. Adamlar agyz suwuny hem eşekdir düýelere ýüklenen çelekler arkaly örän uzaklardan daşamaga mejbur boldular. Il-günüň güzerany gün geldikçe kynlaşýardy.

Gurakçylygyň näçe wagta çekjegi gümana. Şonuň üçin gökleň hany Atanyýaz suwsuzlyk zerarly heniz oba keselçilik aralaşmanka, olaryň ertirki günleriniň hem aladasyny edýärdi.

Goçy ANNASÄHEDOW,
ýazyjy.