Şahyryň döredijiliginde sahawatlylyk

29 Iýul 2024
222

Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy halkymyzyň durmuş pelsepesiniň, umumadamzat düşünjeleriniň, ahlak kadalarynyň özboluşly beýany bolmak bilen, gymmaty egsilmez hazynadyr. Akyldaryň döredijiligi ynsany hemmetaraplaýyn kämil terbiýelemäge gönükdirilendir. Şunda jemgyýete peýda getirýän işleriň waspyna uly orun berlipdir. Beýik şahyr ynsanyň iň gowy ahlak sypatlaryny orta çykaryp, onuň häsiýetlerinde mertlik, watançylyk, söweşjeňlik, ar-namyslylyk, pähim-paýhaslylyk, giň göwrümlilik, ýiti sözlülik, wehimlilik, ýoldaşa wepalylyk, ygrarlylyk, myhmansöýerlik, jomartlyk ýaly türkmeniň ajaýyp milli häsiýetlerini täzeden görkezipdir. Halkymyzyň ynam-ygtykadyna berk ornan sahylyk hem Magtymguly Pyragynyň iň köp üns beren düşünjeleriniň biridir.

Ozal hem akyldarlaryň birinden rysgal näme diýip soranlarynda, ol: «Rysgal diňe bir maddy baýlyk däl, irden parahat oýanmak hem rysgal, gowy bir ýanýoldaş, perzent hem rysgal, güler ýüz hem rysgal, gowy bir goňşy hem rysgal, howadan nepes alyp bilmek hem rysgal, umuman, daş-töweregiň, tebigat hem rysgal...» diýip, jogap beripdir. Edil şonuň ýaly, Magtymguly Pyragy üçin sahylyk hem giň düşünjäni aňladýar. Akyldaryň döredijiliginde sahylyk adamyň göwün baýlygy bilen baglanyşyklydyr. Hakyky manysynda eliňde bar bolan zadyňy eçilmek, paýlaşmakdyr. Ýagny giň düşünjäni öz içine alýan sahylyk diňe bir maddy gymmatlyklary bagyş etmek bilen bagly bolman, ylym-bilimini, ukyp-başarnygyny, baý durmuş tejribesini, ruhy baýlygyny özgeler bilen paýlaşmagy başarýan, iliň bähbidini şahsy bähbidinden ýokary tutýan, arassa ahlakly, päk niýetli, güler ýüzli, süýji sözli, hoşniýetli, myhmansöýer, mert ynsanyň waspydyr. Muny akyldaryň «Ýar eýlär» atly goşgusyndaky «Maly köp diýp, myhman bolma namarda,// Jomart her çent pakyr bolsa, bar eýlär» diýen setirleri hem subut edýär. Şeýle-de şol goşguda «Goç ýigit mal tapsa, hümmeti artar» diýip belleýşi ýaly, Magtymgulynyň pikirine görä, sahylyk mert kişiniň sypatydyr. Edil şonuň ýaly, orta asyr Gündogar edebiýatynda jomartlyk, sahylyk diňe baý adamlara degişli häsiýet hökmünde teswirlenen bolsa, beýik şahyrymyz ol häsiýetleriň, sypatlaryň her kese degişli bolup biljekdigini nygtap geçýär.

Aziz HASANOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.