Döwlet gullukçylarynyň hünär kämilligi — döwrüň talaby

29 Iýul 2024
293

Watan, döwlet, aýdyň geljek ýaly düşünjeler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan adyl syýasatyň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen, ýurduň has bagtyýar, eşretli, abadan ertiri babatdaky aladalar durmuşyň ähli ugurlaryny we ulgamlaryny öz içine alýar. Bu hakykat ýurdumyzda berilýän bilimiň derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrundaky köpugurly tagallalarda hem aýdyň ýüze çykýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylyp, ol indi 15 ýyldan gowrak wagt bäri döwletimiziň dolandyryş, hukuk binýadynyň berkemegine öz mynasyp goşandyny goşup gelýär. Döwlet edaralarynyň hem-de ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň netijeli işlemegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, onuň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Şu maksatlar bilen akademiýanyň öňünde ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine mynasyp goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça örän jogapkärli wezipeler goýuldy.

Alym ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.