Çoh garaşan ajap eýýamyň geldi

24 Iýul 2024
225

Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýän şu ýylyň şygarynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygrynyň adyna beslenmegi tutuş halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, türkmeniň beýik söz ussadynyň hormat-sarpasynyň näderejede beýgeldilýändigini dünýä ýüzüne äşgär etdi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahyryň eserlerine siňdiren berkarar ýurt gurmak, haýyr-sahawatlylyk, edep-ekram, sylag-hormat, sahylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik baradaky filosofik pikirleri, ynsanperwer garaýyşlary, şahyrana öwüt-ündewleri biziň milletimiziň müdimi ýörelge edinen durmuş mekdebidir diýip, örän jaýdar belleýşi ýaly, söz äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragy türkmeniň ýüregine iň beýik ynanç, görejine nur bolup çaýyldy. Şol bir wagtyň özünde, dana Pyragynyň tutuş dünýä edebiýatynyň medeni gymmatlyklaryna, adamzat paýhasynyň genji-hazynasyna öwrülen edebi mirasy külli adamzat üçin nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar.

Meýlis GURBANMYRADOW,
Boldumsaz etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.