«Çemçe tansy»

24 Iýul 2024
207

Saz-söhbede, şüweleňli oýunlara belent sarpa goýýan halkymyz iňňän gadymy döwürlerde birnäçe joşgunly tanslary hem döredipdir. Bu sungat eserleri heňňamlar aşyp, biziň döwrümize gelip ýetipdir. Şolaryň biri «Çemçe tansydyr».

Beýleki tanslardan özüne mahsus özboluşlylygy bilen tapawutlanýan bu tansy oýnamak üçin dört sany agaç çemçe gerek. Her elde iki çemçe saklanylýar. Tans ýerine ýetirilende, agaç çemçeleriň saplary maşgala agzybirligini alamatlandyrýan alajalar bilen berkidilýär.

Taýýarlan Kümüş SEÝITKULYÝEWA,
Çärjew etraby, mugallym.