19-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew ýurdumyzda mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplar bilen üpjün etmek üçin ýurdumyzyň önüm öndürijileri we haryt getirijiler bilen hyzmatdaşlyk etmek esasynda degişli işler amala aşyrylýar.