BELENT MAKSATLY ÝAŞLAR

19 Iýul 2024
323

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça-da degişli resminamalara gol çekdi. Şondan ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän ýaşlardan resminamalaryny kabul etmek işine Ahal welaýatynda-da guramaçylykly girişildi.

Welaýat häkimligi we welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan bilim ulgamyndaky möhüm çäräniň geçiriljek ýerleri öňünden talabalaýyk taýýarlanyldy, degişli serişdeler, enjamlar bilen üpjün edildi. Bu bolsa degişli ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň iş toparlarynyň göwnejaý işlemegine oňyn täsirini ýetirýär.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.