«Saglygyň gadryny bilgil...»

17 Iýul 2024
234

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň köp asyrlyk şöhratly taryhynda dünýä meşhur bolan akyldarlaryň, danalaryň, alymlaryň, şahyrlaryň nusgawy eserleri umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklara öwrüldi. Asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelen medeni mirasymyzda nusgawy şahyrlarymyzyň, alymlarymyzyň dürdäne eserleri aýratyn orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Halkymyz özüniň beýik ogly Magtymgula çäksiz hormat goýýar. Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmajak sütünine öwrüldi» diýip, nusgawy şahyrymyzyň halkyň hakydasynda ýaşaýandygyny açyp görkezýär. Magtymguly Pyragynyň çuňňur many-mazmunly eserleri indi üç asyra golaý wagt bäri watansöýüjilik aýdymy, halallyk nagmasy, agzybirlik senasy, dost-doganlyk mukamy bolup ýaňlanyp gelýär.

Magtymguly Pyragy diýlende arassa türkmen diliniň düýbüni tutujy söz ussady göz öňüne gelýär. Ol öz goşgularyny düşnükli dilde ýazmak bilen, halkyň aňyna müdimi ornaşan akyldar şahyrdyr. Magtymguly Pyragynyň nakyla öwrülen setirlerini okanyňda onuň diňe şahyr däl, eýsem, beýik söz ussadydygyna, alymdygyna, öňdengörüjidigine, filosofdygyna göz ýetirip bolýar:

Aýjeren ALLAÝEWA,
TOHI-niň mugallymy.