Çyn sözi gudrat saýan

17 Iýul 2024
190

Dogrusy, şu makalany ýazmankam, kän oýlandym, ýöne baş redaktorymyzyň: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz edebi mirasymyzyň, edebiýatda, sungatda yz goýan ähli beýik şahsyýetlerimiziň hem ýylydyr. Şonuň üçin olar hakda-da ýazmalysyňyz» diýen sözleri göwnüme ganat bekletdi. Ikinji bir tarapdan, şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýän akyldar şahyrymyzyň döredijiligine akyl ýetirmekde ol hakda ýazylan, aýdylan zatlardan hem köp düşünje almak bolýar. Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragy öz goşgularynda beýik halypalaryň, söz ussatlarynyň birnäçesini hormat bilen ýatlap geçýär. Biziň köpimiziň görüp, duşuşan, söhbetdeş bolan şahyrlarymyzyň arasynda-da akyldar şahyryň eserlerini çagalygyndan okap başlan, onuň adyny döredijiliginde altyn gaş kimin lowurdadan ägirtler köp. Biz bu ýerde şahyr hakda ýörite eser döreden ýazyjy-şahyrlar barada söhbet etmekçi däl. Ol hakda ýörite eser döretmese-de, garaýyşlaryny miras goýan halypalar kän. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowdyr. Berdinazar aganyň Magtymgula bagyşlan şygyrlary aýratyn bir söhbediň gürrüňi, ýöne ony görnükli publisist hökmünde meşhur eden eserlerinde şahyr hakda aýdan gymmatly pikirleri şygyrlaryndakydan birjik-de pes däl. Döredijilik bilen gyzyklanýan, meşgullanýan adamlar üçin şahyryň şahyra, söz sungatyna sarpasynyň nähili belentdigini bilmekde şol aýdylan gymmatly sözleriň örän uly ähmiýeti bar. Çünki, aýdylyşy ýaly, ussadyň gadyryny ussatlar bilýär. Halkymyz bu hakda öz sözüni gysgadan täsirli edip aýtmagy başarypdyr: «Zer gadyryny zergär biler».

Berdinazar Hudaýnazarowyň saýlanan eserleriniň bäş tomlugynyň 3-nji tomunda akyldar şahyrymyz hakda aýdanlaryny okan adam olary hiç wagt ýadyndan çykarmasa gerek. «Men bolsa Magtymgulynyň latynça harpda neşir edilen kitabyny elimden düşüremokdym. Özi-de mejbur bolup şeýdýärdim, öýdäkileriň, goňşy-golamlaryň haýyşy boýunça özüme onçakly düşnükli bolmadyk goşgulary okap berýärdim» diýýän şahyr bu pikirini şeýle dowam etdirýär: «Men geçen uruşdan ozal Magtymgulynyň latyn elipbiýinde çykarylan kitabyna eýe bolanymdan soň, özümi hiç haçan ýeke saýmadym». Mysal alnan jümleleriň ilkinjisinde Berdinazar aganyň beýik akyldar şahyra egsilmez söýgüsini kalbyň bilen duýmak bolýar. Ol şeýle-de, akyldar şahyryň eserlerini çagalygyndan okap başlandygyny aýdýar. 1928-nji ýylda doglan Berdinazar aga Magtymgulynyň şygyrlaryny maşgalasyna, goňşy-golamlaryna okap berýän wagtynda 10 — 12 ýaşlaryndaky oglan bolmaly. Entek çagaka şahyryň diwanyny okamak, onuň setirleriniň manysyna imrinmek, olary okap, «özüňi ýeke saýmazlyk», dogrudanam, ylahy ahwal bolmaly. Bu hakda Berdinazar aganyň özi şeýle ýazýar: «Magtymguly hem meniň dünýäme assa-assa girdi. Ýöne ymykly girdi. Onuň setirleri lagyl daşy ýaly köp öwüşginli».

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».