Çagalar biziň öýümiziň, kalbymyzyň bezegidir. Çünki çagalar biziň geljegimizdir. Şonuň üçin olary akylly-başly, watansöýüji, iline-gününe, ene-atasyna wepaly edip ýetişdirmek her bir ata-enäniň mukaddes borjy bolup durýar.
Biziň «Çaga — dowamat-dowam», «Bal süýji, baldan-da bala süýji», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» ýaly başga-da birnäçe pähim-parasatlary döreden halkymyz bar. Nesilbaşymyz Oguz hanyň geçen ömür ýoluna, «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlaryna, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ser salanyňda hem munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirmek bolýar.