Işler sazlaşykly alnyp barylýar

14 Iýul 2024
434

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilim döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň üçinem ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda uly özgerişlikler bolup geçýär.Ýurdumyzda ýaş nesle berilýän bilimi dünýä derejesine ýetirmek üçin köpugurly işler alnyp barylýar. Bu ýagdaý ýurduň merkezinden başlap, iň çetki künjekleri hem gurşap alýar.

Uly ösüşleri başdan geçirýän ýurdumyzda sanly ulgam köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Bu ýagdaý ylym-bilim ulgamyna hem öz täsirini ýetirýär. Sanly ulgam adamlaryň dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim tejribeleri, dünýä täzelikleri, beýleki gerekli maglumatlar bilen tanyşmagyna mümkinçilik döredýär.

Nurgeldi MEREDOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 94-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.