Çörek — gudratly söz

13 Iýul 2024
256

Çörek adamzat üçin ähli eşretlerden beýigidir. Çörek — gudratly söz. Bu ynsanyň ýaşamagy üçin suw we howa dek zerur. Bugdaýy ekinleriň genji saýan türkmen halky çöregi gadymy zamanlardan bäri hormatlap, maňlaýyna sylmagy, çöregiň owuntygyny hem ýere gaçyrmazlygy adata öwrüpdir.

Çörek keramatdyr. Asyrlaryň dowamynda çöregiň keramaty dogrusynda dürli däp-dessurlar döredilipdir. Miladydan ozalky I müňýyllygyň ýazuw ýadygärligi bolan «Awestada» hem çöregiň keramatly güýje eýedigi beýan edilýär: «Berekediň açary daýhanyň elindedir. Däne peýda bolanda, döwler derleýärler, degirmen peýda bolanda, döwler howsala düşýärler, un peýda bolanda, döwler gorkudan ýaňa bogazyna sygdygyndan gygyryp başlaýarlar, haçanda çörek bişirilende, döwler ondan hem beter gorkýarlar». «Nan — öwlüýä», «Nan — bereket», «Duz-çörekden şeýtan gaçar», «Däne aýan dänä ýeter, nany aýan — nana» ýaly pähimler nanyň — duz-çöregiň türkmen halky üçin gadyr-gymmatynyň örän ýokary bolandygynyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabyndan.