Mag­tym­gu­ly, söz bin­ýa­dyň...

12 Iýul 2024
184

Magtymguly Pyragynyň galyň kitabyny elime alýaryn. Şahyryň setirlerini gözüm bilen yzarlap ugraýaryn. Goşgulary içimden okaýaryn, daşymdan, sesli okamaga çekinýärin... «Manysyna, çuňlugyna doly düşünmän, ol goşgulary sesli okamaga hakym beri barmyka?!» diýip oýlanýaryn...

Şy­gyr oka­ma­gy go­wy gör­sem-de, Py­ra­gy­nyň şy­gry­ýe­ti ýö­ne okap ge­çi­läý­me­li däl­di­gi üçin, di­ňe bir ada­myň yk­ba­ly däl, di­ňe bir mil­le­tiň yk­ba­ly däl, bü­tin adam­za­dyň yk­ba­ly çöz­le­nil­ýän­di­gi üçin her ki­mi go­la­ýyn­dan elt­me­ýän bol­ma­ly.