Magtymgulyşynas alymy sarpalap

12 Iýul 2024
244

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy taýdan öwrenmek, bu ugurda uly hyzmatlary bitiren alymlary sarpalamak işi söz ussadymyzyň ýubileý ýylynda has-da rowaçlanýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň türkmen edebiýaty we edebi gatnaşyklar bölüminiň baş ylmy işgäri, alym Gurbanjemal Ylýasowanyň ýakynda «Ylym» neşirýatynda çapdan çykan «XX asyrda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilişi» atly kitabynyň üsti bilen hem göz ýetirmek bolýar.

Akyldar şahyryň döredijiligini öwrenmekde türkmen alymlary köp iş bitiripdirler. Şolaryň biri-de filologiýa ylymlarynyň doktory, akademik Baýmuhammet Garryýewdir. Biz görnükli türkmen alymynyň bitiren işleri bilen täze neşir arkaly ýene bir ýola ýakyndan tanşyp bilýäris. Şonuň bilen birlikde kitabyň girişinde dana Pyragynyň döredijiligini öwrenen daşary ýurtly alymlar hakda maglumatlaryň berilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle maglumatlaryň kitabyň birinji babynda hem dowam etmegi aýratyn bellärliklidir. Kitabyň esasy mazmunynda akademik B.Garryýewiň akyldar şahyryň döredijiligini öwrenmekde bitiren işleri hakda gürrüň berilýär. Şolaryň hatarynda görnükli alymyň öz şägirtlerini ylmy işe ugrukdyrmakdaky hyzmatlary hakda hem ýatlanyp geçilýär. Bu bolsa ähli ugurlarda bolşy ýaly, ylymda hem halypa-şägirtlik ýörelgesiniň iňňän wajyp ähmiýete eýedigine ünsi çekýär.

Oguldursun SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bölüm müdiri.