Älem giňliginde adyň, Arkadag!

5 Iýul 2024
312

Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň doglan gününiň bellenilýän pursatlarynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar — asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan älem giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagy toýlarymyza özboluşly öwüşgin eçildi. Bu baradaky güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň akyldar şahyryň adyny göterýän ýokary okuw mekdebine — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagynda çuňňur many bar. Ol, bir tarapdan, Magtymguly Pyraga bolan sylag-sarpany äşgär etse, beýleki bir tarapdan, ýaşlar hakynda edilýän bimöçber aladany görkezýär.

Mähriban Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi älem giňişligindäki parlak ýyldyza «Arkadag» adynyň goýulmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Döwletli Diýaryň abraýyny äleme çykaran Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny üstünlikli dowamat eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyşlarymy ýollaýan. Beýik Ogullaryň ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.