«Ismim düşdi ilden-ile...»

5 Iýul 2024
271

XVIII asyr, görnükli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň belleýşi ýaly, Türküstanda beýik Magtymgulynyň asyrydyr. Bu taryhy döwürde ýaşan türkmeniň beýik söz ussadynyň çuňňur mazmunly goşgulary ýüreklerde berk orun aldy. Magtymgulynyň eserleriniň durmuşyň ähli möhüm meselelerini öz içine almagy, şahyryň edebi mirasynyň müdimilige eýe bolmagyna ýol açýar. Hakdan içen halk şahyry Magtymguly Pyragy diňe bir öz döwrüniň däl, eýsem, ähli döwürleriň beýik söz ussatlarynyň biridir. Muňa görnükli rus alymy Wasiliý Bartoldyň «Türki halklaryň arasynda Magtymguly ýaly şahyrly halk diňe türkmenlerdir» diýip ýüreginden syzdyryp aýdan sözleri hem doly güwä geçýär.

Dana Pyragynyň döreden eserleriniň aglabasy onuň öz döwründe dürli sebäpler bilen ýitip ýok bolupdyr. Şahyryň biziň döwrümize gelip ýeten eserleri onuň hut öz eli bilen ýazan goşgularynyň göçürilen nusgalarydyr. Beýik söz ussadynyň eserleriniň il içinde elden-ele, dilden-dile geçip, giňden ýaýramagynda onuň ýakyn garyndaşlarynyň, obadaşlarynyň, bagşy-sazandalaryň we Magtymgulynyň yzysüre edebiýat äleminde peýda bolan türkmen nusgawy şahyrlary Mämmetweli Keminäniň, Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Mollanepesiň bahasyna ýetip bolmajak goşandynyň bardygyny bellemek gerek. XIX asyr türkmen nusgawy şahyry Mollanepesiň hut öz eli bilen taýýarlan «Magtymguly» diwanynyň, şeýle hem şahyryň eserlerini öz içine alýan ençeme golýazmalaryň biziň günlerimize gelip ýetenligi muňa aýdyň mysaldyr.

Çynar RÜSTEMOWA,
Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparynyň jogapkär sekretary.