Pyragyly dünýäniň ýolbeledi

4 Iýul 2024
270

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hakyky agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, akademik Baýmuhammet Garryýew 1914-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Aşgabat şäheriniň Gökje obasynda daýhan maşgalada dünýä inýär. Onuň kakasy Ataly Garryýew partiýanyň Aşgabat şäher Geňeşiniň birinji çagyrylyşynyň deputaty bolmak bilen, obalarynda bilimi ornaşdyrmakda uly işleri bitirýär. Hatda öz öýüni mekdebe öwrüp, maşgalasy bilen köneje palçyk jaýda ýaşaýar. Ataly aganyň mekdebinden uçurym bolan ogullary Baýmuhammet, Nury, Aba, Seýit ýurdumyzda uly alymlar bolup ýetişýärler.

Baýmuhammet on ýaşynda okuwyny Aşgabatdaky rus mekdebinde dowam etdirýär. 1928-nji ýyldan soň ol ylmy, çeper edebiýatlary, dürli resminamalary terjime edip başlaýar. Ýaşlykdan köp eserleri okamagy onuň ylmyň dürli pudaklaryna gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Emma türkmen diline, edebiýatyna, halk döredijiligine söýgüsi aýratyn güýçli bolan Baýmuhammet 1937-nji ýylda Aşgabat döwlet pedagogik institutynyň dil we edebiýat fakultetine okuwa girýär. Talyplyk ýyllaryndan türkmen diliniň, edebiýatynyň täze ädimleri barada çynlakaý pikirlenip, ylmy ekspedisiýalara gatnaşyp ugraýar. Ol 1940-njy ýylda meşhur alym, professor A.P.Poseluýewskiniň halypalyk etmeginde gysga wagtda bu ugurda uly ädimler ädýär. H.Baýlyýewiň hem gatnaşmagynda olar «Türkmen diliniň täze elipbiýiniň» taslamasyny taýýarlaýarlar. Türkmenistanyň Birinji lingwistik gurultaýyny geçirmekde hem ol uly işleri bitirýär. Şol ýyl H.Baýlyýew bilen «Türkmençe-rusça sözlügi», 1943-nji ýylda türkmen dilinden okuw kitabyny taýýarlaýar.

Bekmyrat AKYNYÝAZOW,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň Bagtyýarlyk etrap bölüminiň başlygy.