RembRandt

4 Iýul 2024
227

«Golland nakgaşçylygynyň altyn asyrynyň» meşhur wekili, eserlerinde ýagtylyk-kölege sazlaşygyny döretmegiň ussady Rembrandt Harmens wan Reýn 1606-njy ýylyň 15-nji iýulynda Leýdende dünýä inýär. 1635-nji ýylda döreden «Ermeni ruhanysy» atly işinden çen tutup, nemes taryhçysy Ýogannes Ýahn suratkeşiň adynyň «Harmens wan Reýn» diýen böleginiň «reýnli ermeniniň ogly» diýen manyny berýändigini aýdýar.

Geljekki suratkeş çagalykda Leýden uniwersitetiniň ýanyndaky latyn mekdebinde bilim alýar. On üç ýaşynda ony leýdenli suratkeş Ýakob wan Swanerburga şägirtlige berýärler. 1623-nji ýylda Rembrandt Amsterdamda, esasan, taryhy, mifiki, dini eserleri döredýän suratkeş Piter Lastmanyň elinde okuwyny dowam etdirýär. 1627-nji ýylda Leýdene dolanyp baransoň, Rembrandt öz ussahanasyny açyp, okuwçy okadyp ugraýar. Onuň ilkibaşlangyç eserlerinde Piter Lastmanyň täsirleri duýulýar. Soňky eserlerine garanda, ol «Dawut Saulyň öňünde», «Agtanyň çokundyrylyşy», «Keramatly Stefanyň horlanyşy» ýaly irki işlerinde reňk öwüşginliligine, her bir zady jikme-jik şekillendirmeklige aşa köp üns beripdir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Aýjahan MEREDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.