«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Hormatly Prezidentimiziň: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip belläp geçişi ýaly, şahyryň ýürekden çykan eserleri ýüreklere baryp, külli ynsanyýetiň aňynda hemişelik ýaşaýar. Onuň halkylygy bilen tapawutlanýan döredijiliginiň umumadamzadyň ruhy dünýäsinde ebedi ýaşaýşy ýaly, bu beýik şahsyýetiň pähim-paýhasynyň waspy hem dürli dillerde soňlanmajak dessan bolup müdimi ýaňlanýar.