«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Bu günler nalçy ussa Batyr Durdymedowyň iş-aladasy ep-esli artdy. Ýaňy Gün dogup, daň saz bererine mähetdel, ol öňünden tertiplän iş rejesine laýyk şaý-esbabyny ykjamlap, ýola düşýär. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň toýlanýan günlerinde ussat senetkär wagtynyň artyk bölegini welaýatyň atçylyk sport toplumynda geçirýär. Toplumyň töründäki athanalarda uly aýlawlara goşuljak ýyndam bedewler saklanýar. Batyr ussa olaryň toýnaklaryny nallaýar. Ol hepde ýarymyň içinde gamyşgulak bedewleriň baryny nallap ýetişdi. «At toýnagyndan belli» diýilýär. Ula goýberilýän bu bedewler ýelden ýyndam bady bilen çapuwa şowhun goşup, aýlawy bezeýärler.