Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem oba hojalygy pudagynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunda oba zähmetkeşleriniň netijeli işiniň ýola goýulmagyna zerur üns berilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji iýunda ýurdumyzyň günbatar sebitine amala aşyran iş saparynyň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar.
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky «Arkaç» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynyň ýanynda hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň degişli ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.