Türkmeniň taryhynyň we şu gününiň beýany

26 Iýun 2024
229

Garaşsyz ýurdumyzda türkmen halkynyň taryhyny, medeni mirasyny goramak, olary aýawly saklap, geljek nesillere ýetirmek, muzeýleşdirmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bu işlere muzeýimiziň hünärmenleri hem öz saldamly goşandyny goşýarlar. Muzeýimiziň etnografiýa bölüminde halkymyzyň, aýratyn-da kenarýaka türkmenleriň baý maddy we ruhy medeniýeti barada giňişleýin gürrüň berýän muzeý esbaplarynyň ençemesi sergilenýär. Olaryň arasynda türkmen zenanlarynyň dokan haly, palas önümleri, dürli ölçegdäki owadan keçeler bar.   

Sergi otagynyň ep-esli ýerini tutup duran, ähli zerur esbaplar bilen gelşikli bezelen türkmeniň ak öýi muzeýe gelýänleriň bada-bat ünsüni özüne çekýär. Çünki durmuşyny gözellikler bilen baglan halkymyz elini degren zadyny sungata öwürmäge çalyşýar. Geçmişde türkmeniň gurnama ak öýleriniň süňňüni düzmek ýigitleriň paýyna düşen bolsa, onuň içki we daşky bezegini gelin-gyzlar  özleriniň on barmagynyň hünäri bilen ussatlarça ýerine ýetiripdirler. Köp sanly çitme we kakma önümleriniň ak öýleriň bezeginde hem-de hojalykda hyzmaty diýseň uly bolupdyr. Meselem, ak öýüň gapysyna ýapylyp ulanylan gapy kilimi öýüň içini yssydan, sowukdan, ýel-ýagmyrdan we tozandan gorapdyr. Öýi gurmakda peýdalanylýan düzgün ýüpi, öýüň daşky keşbine bezeg we söýeg bolup hyzmat edýän gülli ýüpi hem kakmada dokalyp taýýarlanypdyr. Gadymdan bäri öýüň içki bezegi, şonuň ýaly-da öý goşlary saklanýan gap bolup hyzmat eden çuwal hem kakma we çitme görnüşinde dokalýar. Eger-de ol çitme görnüşinde dokalsa, oňa «garçyn» diýilýär. Çuwalyň kiçi görnüşi bolan torbalar, öz ulanyş hyzmatlaryna görä, duz torba, aşyk torba, ikselik ýaly dürli atlara eýedir. Olar kakma ýa-da çitme görnüşinde dokalyp, öz möçberi boýunça dürli-dürlüdir. Horjun hem torbanyň bir görnüşi bolup, beýlekilerden tapawutly tarapy, onuň arasy birleşdirilen jübüt torba şekilindedir. Ol çitme we kakma görnüşinde dokalýar.

Azatgül ŞÄMIÝEWA,
Türkmenbaşy şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň baş gazna saklaýjysy.