Ykbalyň uly peşgeşi

26 Iýun 2024
170

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni mäkäm tutan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda hususy ulgamyň işleriniň ilerlemegi ugrunda tutumly özgertmeler amala aşyrylýar.

Ata Watanymyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna hususyýetçileriň hem goşandynyň uly boljakdygyna ynam bildiren Gahryman Arkadagymyz bu pudagyň ösüşini aýratyn üns merkezinde saklady. Ýaş telekeçileri ählitaraplaýyn goldamak işleri döwlet syýasatynyň özenini düzdi. Öz hususy önümçiliklerini açmagy meýilleşdirýän telekeçilere uly möçberde ýeňillikli karz pul serişdeleri goýberildi. Bu bolsa hususyýetçileriň öz maksatlaryny amala aşyrmaklaryna uly goltgy boldy. Döwletimiz tarapyndan goldanylýan, Gahryman Arkadagymyzyň ynam bildiren telekeçileri bu günki gün tutuş ykdysadyýetimiziň ösüşlerine uly goşant goşýarlar.

Rüsdem BEŞIMOW,
«Bäş nur» hojalyk jemgyýetiniň başlygy.