ARKADAG ŞÄHERI — BAGTYŇ ŞÄHERI

22 Iýun 2024
313

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyz gülläp ösýär. Oba-şäherlerimiziň keşbi tanalmaz derejede özgerýär. Paýtagtymyz Aşgabady görmäge göz gerek. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň döremegi türkmen topragynda durmuşyň haýran galdyryjy derejede öňe gidýändiginiň, guwandyryjy ösüşlerimiziň aýdyň güwäsidir.

Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparlaryny yzygiderli amala aşyrýar. Bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeler, önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşýar. Degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny geçirýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda, esasan, önümçilik toplumlarynyň bina ediljekdigine görä, şu ugra häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň gönükdirilmelidigini ýatladýar. Binagärlik keşbiniň sazlaşyklylygy, ekologik derejäniň üpjün edilmegi Arkadag şäheriniň gurluşygynda örän möhüm wezipeleriň hataryndadyr.

Hatyja MUSTAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.