Asylly ýörelgelere eýerip

17 Iýun 2024
239

Päkligiň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň we jebisligiň toýy hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolan mukaddes Gurban baýramy, tutuş ýurdumyzyň çäginde bolşy ýaly, gadymy Ahal welaýatynda hem giňden dabaralandyrylýar. Mukaddes toýuň dabaralary obalary, şäherçedir şäherleri gurşap alýar. Döwletli ojaklarda milli toý däp-dessurlarymyza, urp-adatlarymyza, asylly ýörelgelerimize birkemsiz eýerilip, gurbanlyk sadakalary berilýär, toý gazanlary atarylýar, bereketli saçaklar giňden ýazylýar, birek-birege hödür-kerem edilýär.

Gurban baýramynyň ilkinji gününiň ir säherinde welaýatyň ähli metjitlerinde baýram namazy okalyp, ýagşy doga-dilegler edildi. Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde — «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň toý meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabara has-da köp adamly boldy. Welaýat derejesindäki dabara edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, dili senaly ýaşululardyr mährem eneleriň hem-de köp sanly raýatyň gatnaşmagy, ol ýerde baýramçylyk gutlaglarynyň aýdylmagy, mukaddes senäniň ähmiýeti hakda söz açylmagy göwün göteriji duýgulary peşgeş berdi. Ýagşydan-ýagşy arzuwlara beslenen dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Esasy sahnany welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň beýik döwrümiziň, güneşli Diýarymyzyň, dost-doganlygyň waspyny ýetirýän baýramçylyk çykyşlary bezedi.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).