«Bir bagşeşden ýetmiş bela dep bolar»

15 Iýun 2024
309

Mähriban halkymyz ýene-de bir ajaýyp baýramçylygy — Gurban baýramyny garşy alýar. Ol külli musulman halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň hem nesillerden nesillere geçirip, aýratyn sarpalaýan mukaddes baýramlarynyň biridir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda Gurban baýramynyň uly şatlyk bilen mynasyp garşylanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýärler. Gurban baýramynyň üç gününiň hem dynç güni diýlip yglan edilip, döwlet derejesinde giňden bellenilmegi, şäherlerde, obalarda hiňňildikleriň gurlup, aýdym-sazly dabaralaryň guralmagy asuda ýurdumyzda baýramçylyk joşgunyny artdyrýar, agzybirligi, dost-doganlygy berkidýär.

Nurgözel SAPAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.