Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşlere, belent özgerişlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il bähbitli, ýurt ähmiýetli belent maksatlary ýaş nesiller üçin görelde mekdebi bolup durýar.
Ýaşlary ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri esasynda milli ruhda terbiýelemek, olaryň watansöýüjilik, agzybirlik, jebislik duýgularyny, ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsançlaryny has-da ösdürmek maksady bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň arasynda «Magtymguly Pyragy — köňülleriň şamçyragy» atly brain-ring bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň tutuş okuw ýylynyň dowamynda yzygiderli geçirilmegi ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň pähim-paýhas ummany hasaplanýan Magtymguly Pyraga, şeýle hem türkmen edebiýatyna, türkmen diline bolan hormat-sarpasyny artdyrmaga ýardam edýär.