Ýaşlarda tebigata söýgi döretmek hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amal etmek maksady bilen çagalar baglarynda terbiýelenilýän körpeleriň arasynda hem dürli mazmunly çäreleri ýygy-ýygydan geçirýäris. Çünki körpelere daşky gurşawy goramagy ündemek, öwretmek pederlerimiziň akyl akabasyndan gözbaş alyp, milli tejribämize ornaşandyr. «Daş-töwerek we tebigat bilen gatnaşyk» diýen at bilen guran sapagymyz hem körpelere täsirli duýgulary bagyşlady. Sapagyň dowamynda çagalaryň arasynda daşky gurşawy goramagyň esasy ugurlary boýunça hereketli oýunlar guralyp, sowal-jogap alşyldy. Şeýle-de tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga bagyşlanan bäsleşikler işjeň häsiýete eýe boldy.