Dil bilmek — baýlyk

8 Maý 2024
461

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri möhüm şertleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz geljekki ýurt eýeleriniň ýokary derejede bilim almaklary, dil öwrenmekleri üçin hem ähli mümkinçilikleri döredip berýär.

Berkarar ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Türkmen ýaşlary daşary ýurtlaryň dünýä belli ýokary okuw mekdeplerinde okap, hünär alýarlar, okuwçylardyr talyplar halkara bäsleşiklere gatnaşyp, uly üstünlikler gazanýarlar. Okuwçylara kämil bilim bermekde «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» ähmiýetiniň uludygyny bellemelidiris. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň innowasion dil öwreniş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak bu resminamanyň esasy maksadydyr.

Gülnabat Amangeldiýewa,
Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.