Bilimli ýaşlar — Watan geljegi

8 Maý 2024
662

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan etrapdaky A.Atdanow adyndaky 1-nji orta mekdepde okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda “Bilimli ýaşlar — Watan geljegi” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine uly mümkinçilikleri döredýändigi dogrusynda täsirli çykyşlar boldy.

Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.