Kämillik menzilleri

7 Maý 2024
587

Çaga terbiýesinde daşymyzy gurşap alýan tebigata, medeni gymmatlyklara hem-de sungat gözelliklerine söýgi döretmek, daş-töweregimizdäki adamlar, deň-duşlar bilen sarpaly gatnaşygyň ýola goýulmagyny ündemek uly ähmiýete eýedir. Gözellik, ýagşylyk, kämillik, sazlaşyk, Watana söýgi, dogruçyllyk, halallyk ýaly düşünjeleriň manysyny çagalara kiçiliginden öwredip, durmuş atly akymda özlerine mynasyp orun almagyny öwüt etmeli. Il-halkyň alkyşyny alýan ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin çagalara maşgalada we mekdepde asylly görelde görkezmeli.

Çagalarda öz duýgularyny, içki ahwalatyny, tolgunmasyny, begenjini, dünýäni, tebigaty kabul edişini köplenç döredijilik eserleriniň üsti bilen mälim etmek häsiýeti bar. Bu olaryň döredijilik älemine girişmegine, zehinini ösdürmegine täsirini ýetirýär, daşyny gurşap alýan gözellikleri duýmak ukybyny kemala getirýär. Kiçi ýaşly çagalar köplenç surat çekmek bilen öz duýgularyny beýan edýärler. Eline galam bilen kagyz alan çaga, ilki bilen, ejesi bilen kakasynyň elinden tutup duran görnüşi, soňra öý, al-elwan açylan gülleri, asuda asmanda nuruny eçilip duran Güni, bulutlary, ýapraklary seçelenip duran agajy çekip, maşgalasyny, öý-ojagyny, özüni gurşap alýan zatlary suratlandyrmagy halaýar.

Öwezmyrat LALLYKOW,
Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy.