Körpeleriň dilinde Pyragynyň waspy

7 Maý 2024
533

Çagalar bakja-bagymyzda «Pyragynyň paýhasy — dost-doganlyk köprüsi» atly aýdym-sazly medeni dynç alyş çäresi geçirildi. Oňa etrabymyzyň bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda bagymyzda terbiýelenilýän körpeler şadyýan aýdymlary, joşgunly tanslary bilen çykyş etdiler. Doganlyk halklaryň milli lybaslaryny geýen şadyýan körpeler dürli dillerdäki aýdymlary, tanslary uly şatlyk hem-de başarjaňlyk bilen ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen şirin labyzly aýdymlar olara mahsus sazlaşykly tans hereketleri bilen utgaşdy. Olaryň çykyşlarynda şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde giňden bellenilýän beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryna öwran-öwran ýüzlenildi. Akyldar şahyryň halklaryň arasynda dost-doganlygy wasp edýän çuňňur mazmunly goşgy setirleri has belentden ýaňlandy.

Maýa SALAMATOWA,
Saýat etrabyndaky 7-nji «Aýterek» çagalar bakja-bagynyň müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.