Beýik işlere buýsanç

30 Aprel 2024
431

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip bellemek bilen, ýaşlaryň bilime, okamaga bolan höwesiniň ýokary bolmalydygyny ündeýär. Eziz Diýarymyzda ýaşlara döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilimleri öwrenmek, kämilleşmek üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesliň wekilleri bu aladalara öz bilim-sowatlaryny köpugurly, çuňňur ösdürmek bilen jogap berýärler. Ýaşlar abraýly halkara bäsleşiklerinde — taslamalar boýunça we ders olimpiadalarynda, ylmy forumlarda, şol sanda dünýäde barha meşhur bolýan Internet-formatda gurnalýan ylmy bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýärler. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalar hem-de ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär.

Şeýle halkara bäsleşikleriň geçirilmegi ýurdumyzyň halkara ylym we bilim giňişligindäki ornuny pugtalandyrmak bilen birlikde, ýaşlaryň öňdebaryjy ylymlara, bilimlere höwesini has-da artdyryp, özara tejribe alşylmagyna ýardam edýär. Halkara internet olimpiadalary barha giň meşhurlyga eýe bolup, ýurdumyzyň ýaşlary olara gatnaşyp, ýylyň-ýylyna gowy netijeleri gazanýarlar. Halkara olimpiadalar ýaşlary tehnologiýalar we ylym ulgamyna çekmek, olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsleşige ukyply, netijeli önümçilik we ylmy işleri alyp barmaga höwesli hünärmenler bolup ýetişmeklerinde möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam edýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Mahym MYRADOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.