Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

30 Aprel 2024
704

Çagalary zähmete ugrukdyrmak

Umumybilim berýän orta mekdepleriň başlangyç synplarynda el zähmetini öwretmekde çeperçilik zähmeti dersi möhüm ähmiýete eýedir. Şunda çagalary ilkinji zähmete ugrukdyrmak, ownuk hereketlere işjeňligini artdyrmak esasy zerurlyklaryň biridir. Şu esasda synp otagynyň içinde nobatçylary bellemek, janly burçlara, ýagny otag güllerine ideg etdirmek, okuwçylaryň kitap-depderlerini tertipleşdirmek ýaly işlere ugrukdyryp bolýar. Mundan başga-da, gyzjagazlara iňňe tutmagy öwretmek, kök atmak, alaja örmek ýaly ýönekeýje işleri öwredip bolýar. Oglanjyklary hem otag gülleriniň topraklaryny çalyşdyrmak, düýplerini ýumşatmak işlerine ugrukdyrmak bilen el zähmetine bolan höwesi artdyrmak mümkin.