Türkmen döwlet maliýe instituty «Açyk gapylar» gününi geçirýär

29 Aprel 2024
468

Türkmen döwlet maliýe instituty 2024-nji ýylyň 4-nji we 11-nji maýynda sagat 15:00-da 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriň uçurymlary, harby bölümleriň esgerleri, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýär

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutyň gurluş düzümi, institutda bakalawrlary we magistrleri taýýarlamagyň ugurlary, okuwlaryň guralyşy, medeni-köpçülik we sport çäreleriniň geçirilişi, institutyň ösüş taryhy barada maglumat berýän muzeýi, talyplaryň okuw we ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Hoş geldiňiz!