Ene dilim — eziz dilim

28 Aprel 2024
654

Ynsanyň ömrüne baky hemra bolýan gymmatlyklaryň biri hem ene dilidir. Dil ynsanyň pikirlenişi, oý-hyýallary bilen berk baglanyşyklydyr. Ene dili ene mähri, hüwdüsi bilen ýüreklerde orun alýar. Alymlar, dilçiler, akyldarlar dil bilen baglanyşykly parasatly sözleri beýan edýärler.

Pederlerimiz dilimiziň baýlyklaryny edebiýata, halk döredijiligine siňdiripdirler. Nusgawy edebiýatymyz, taryhy kitaplar diliň baýlygy hökmünde saklanyp gelýär. Bu gymmatlyklary ylmy esasda öwrenmek we ýaş nesillere düşündirmek aýratyn many-mazmuna eýe bolup durýar.

Mekan ÝARGULYÝEW,
Hojambaz etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy.