Bilim – kämilligiň ýoly

28 Aprel 2024
605

Häzirki döwürde ylym-bilim ösýär, täze mümkinçilikler giňden peýdalanylýar. Şunda sanly ulgamyň mümkinçiligini hem aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ylym-bilim ykdysady ösüşleriň hem berk binýady bolup durýar. Bu ugurda kämil, bilimli hünärmenleriň aýratyn ornuny bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşiniň berk binýady bolan bilim ulgamynda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Okuw maksatnamalarynyň has-da kämilleşdirilmegi, mekdepleriň döwrebap, iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, ökde hünärli, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri baradaky aladadyr. Häzirki wagtda sanly bilimiň ösdürilmegi bilen maglumat-bilim ulgamyny döretmäge we bilim bermegiň ähli usullaryny elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge doly mümkinçilikler bar. Ylym, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge giň mümkinçilik döreýär. Şundan ugur alyp, usuly-amaly okuwlaryň geçirilmegi oňat netije berýär. Mugallymlaryň usulyýet işini has-da kämilleşdirmekleri üçin usuly-amaly maslahatlaryň hem möhüm orun eýeleýändigini bellemek gerek. Şeýlelikde, okatmagyň döwrebap usullary ösdürilýär, bilim işgärleriniň arasynda tejribe alyşmak ýörelgeleri kemala gelýär. Bu bolsa kämilligiň berk binýady bolup, ýaş nesilleriň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerine, mugallymlaryň sapaklary usulyýet esasynda ýokary guramaçylykly geçmeklerine oňat täsir edýär.

Dinara BALTAÝEWA,
Akdepe etrabyndaky 103-nji orta mekdebiň mugallymy.