Sapakda nakyllar bilen işlemek

28 Aprel 2024
742

Edebiýat sapagynda temalar boýunça berilýän halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan nakyllara okuwçylaryň ünsüni çekmeli we öwretmeli. Nakyllaryň manysyna düşünen we olary ýat tutup, aýtmagy endik edinen çagalaryň sözleýiş dili çeper, kämil bolýar. Şol esasynda okuwçylara özbaşdak ýumuşlary hem tabşyrýaryn. Edebiýat dersi boýunça okuwçylaryň çeper eserleri, şygyrlary özbaşdak köp okamaklaryny ündeýärin. Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinde nakyla öwrülen setirleri tapyp, ýat tutmaklaryny we depderlerine bellik etmeklerini sargyt edýärin. Berlen öý işi boýunça okuwçylardan nakyllaryň manysyny hem soraýaryn. Mysal üçin:

Doga bilen är gögär,
Ýagmyr bilen ýer gögär,
Är oldur – alkyş alar,
Ýerlere baran gerek.

Mähriban ORUNOWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň mugallymy.