Okuwçy ýaşlaryň täze üstünligi

26 Aprel 2024
626

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda matematika we fizika dersleri boýunça geçirilen ikinji internet olimpiadasynda welaýatymyzyň okuwçylary üstünlikli çykyş etdiler.

Ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, olimpiadanyň matematika ugry boýunça Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Ýazmyrat Şemsetdinow bilen welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepden Aýna Döwletowa birinji orunlara mynasyp boldular. Şeýle hem bu ugur boýunça welaýatymyzyň mekdep okuwçylarynyň dördüsi ikinji, ikisi üçünji orunlary eýelediler.